Täjik diýip tanaýan LM1 sputniginde InterAz diýip Azerbeýjan kanaly bar. Şol kanalda Liwiýanyň azatlygy ugrunda italýan basybalyjylaryna garşy gaýdusyz söweşen, käri mollum bolan, watançy Omar Muhtar hakynda rus dilinde kino berdiler. Dowamlylygy uzak eken. Ýöne kino göreniňe degýär. Dogrymy aýtsam şonuň ýaly gyzykly gören kinom ýok bolsa gerek. Gaty gynançly. Italýan basybalyjylaryna garşy Liwiýaň azatlygy üçin 20ýyl göreşýär. Ahyry 73 ýaşynda general Grasiýaniniň ýolbaşçylygyndaky goşun gabawa salyp tutýar. Şol goşunyň ýüzbaşçysy esgerleň birine bu gojany atmagy buýrýar. Ol esgerem Omar Muhtaryň öň azat eden esgeri. Ol esgerem bu gojany görüp aglap gaçýar (utanyp). Şol ýerdede bu gojaň Omar Muhtardygyny bilýäler. 20ýyllap per bermedik Omar Muhtaryň bu gojadygyny görüp gaty geň görýäler. Garaz 73 ýaşly gojaň aýagyna, eline zynjyr baglap generel Grasiýanynyň ýanyna eltýäler we aralarynda şeýle gürrüň bolýar.

Köneler, mirasymyz tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir