Gurbannazar Ezizow DURNALAR Birden gök asmana dikildi gözüm. Ah‚ ol görnüş! Gözüm nämeler görýär. Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm‚ Göwnüňi göterip‚ durnalar barýar. Her ýyl san edýärin men bu görnüşe‚ Her ýyl gözlem şu görnüşden doýmaýar. Durna geçýär... misli adam durmuşy. Durna geçýär... geçmesini goýmaýar. ... Adamlara hiç etmändim erbedi‚ Ýagşylygy bolsa az etdim juda. Köçede maksatsyz entäp ebedi‚ Tekepbirdim. Düşdüm dostlamdam jyda. Hiç kim maňa erbet adam diýmedi. Ýöne ýagşam diýmediler‚ elbetde. Şeýle agyr jeza meni gynady. Şeýle jeza goýdy meni ezýetde. Köp ýalňyşdym. Bu ümmülmez dünýäni‚ Kitap däl-de‚ ýalňyş bilen öwrendim. Durnalar! Durnalar! Ine‚ şuň ýaly Ýollar bilen sizi garşylan mendim. Öňem uçupsyňyz hatarma-hatar‚ Ýene uçarsyňyz uzakdan-uzak. Ýöne bir gün meňem ahyrym ýeter‚ Bir gün ajal gurar ömrüme duzak. Oňat bilýän‚ menden soňam aýlanyp Geçersiňiz. Şu akym bir durmasyn. Ine‚ şu ynanja mäkäm baglanyp‚ Kükregimde ýürek goýar urmasyn. Ýöne az ýalňyşsyn menden soňkular‚ Ýöne durmuş gara günler görmesin. Durna geler! Durna geler! Durna ger! Il dam çykyp garşy alar durnasyn! ...Her ýyl san edýärin men bu görnüşi‚ Her ýyl gözlem şu görnüşden doýmaýar. Durna geçýär... misli adam durmuşy‚ Durna geçýär... geçmesini goýmaýar.

Köneler, AHAL tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir