Şeyle gulaga ýakymly Sozledim gözel ýigrim bäş Niçe owazy çekimli Yzladym gozel ýigrim bäş Bu gun ornuň boldy belli Bu amanat telli-pelli Ösdürip şol güne çenli Gizledim gözel ýigrim bäş Arzuw edip ýetebilmen Görunip dur tutabilmen Maly-dünýa satabilmen Yzladym gözel yigrim bäş Yedisinden owaz çykyp On sekizin tartar çekip Üç müň ýaşda ömrüň yakyp Geçirdik gözel ýigrim bäş Matam mersiye Şakandy Ýazyp geçmiş niçe bendi Okap yat ederler şindi Seni yzlap gozel ýigrim bäş Şeydaýy diyr bar beterler Seniň üçin yas tutarlar Bu wagt kem-käs tutarlar Yitersen gözel ýigrim bäş ŞEYDAÝY 1730-1800
Gözel ýigrim bäş
- 
                Kuraldyshy
                14 years ago
                
- bu wagt kem-käs tutarlar 
 yitersen gözel ýigrim bäş
 şeydaýy 1730-1800
 dogry düzgün türkmençe gürläp bilmezlik uly kemçiligimiz, söz baylygymyz günlik köçe dili bilen çäkli gynansamam, goşgy üçinem köp sag bol gardaş
- 
                1merdan
                13 years ago
                
- dogryyy
- 
                turkmenntug
                13 years ago
                
- dogry düzgün türkmençe gürläp bilmezlik uly kemçiligimiz, söz baylygymyz günlik köçe dili bilen çäkli gynansamam... 
 
 Kuraldyshy
 
 
 dogry aýtdyň dost
- 
                turkmenntug
                13 years ago
                
- Matam, mersiýe, şakandy 
 
 Ýazyp geçmiş niçe bendi,
 
 Okyp ýat ederler şindi,
 
 Gözledim, gözel ýigrim bäş.
 
 
 
 
 diýýä şahyr.
 
 
 şakandy türkmenin doga elipbiyi barada yazyp gecipmi ya-da öz eserlerini doga türkmen
 elipbiyinde yazyp gecipmi?
 Bularyn haysysy dogry?
 
 Sebäbi:
 
 Matam, mersiýe, şakandy,
 
 ýazyp gecmiş. nice bendi...
 
 diyen setirlerin yzyndan gelyan:
 
 
 Okyp ýat ederler .indi,
 
 Gözledim, gözel ýigrim bäş...
 
 
 diýen setirler ýaňky soraglary döredýär!
 
 
- 
                turkmenntug
                13 years ago
                
- Bu wagt kem-käs tutarlar 
 
 Yitersen gözel ýigrim bäş
 
 
 diýmek,şo wagt,kem käsem bolsa tutylýan ekendä ?
- 
                turkmenntug
                13 years ago
                
- ...
 
 
 ...
 
 
 ... Kyrk şäherden hyraç aldy,
 
 Oguz ili äleme doldy,
 
 Çoh döwran geldi, sowuldy,
 
 Kany onuñ däbi, ýoly?
 
 ... :(
- 
                pida
                13 years ago
                
- Tuys bizin uchin duzulen goshgy oytyanov! Nahili dilleri bilsegem, ovrensegem, ilki bilen ozumuzin dilimizi (yagny ulanyshdan galan kone dillerimizi) dileltsek govy bolaryka diyyan. Yagny bu menin ozume degishli,ka vagt koche sozlerini ulananymy bilman galyan.
- 
                URGENCLI
                13 years ago
                
- Matam, mersie $akandy. Yazyp gecmi$ nice bendi. Manysy $eyle $akandy hem $ol elipbiyin yitenine gynanyp matam, mersie yazypdyr.
- 
                URGENCLI
                13 years ago
                
- Matam, mersie $akandy. Yazyp gecmi$ nice bendi. Manysy $eyle $akandy hem $ol elipbiyin yitenine gynanyp matam, mersie yazypdyr.
- 
                turkmenntug
                13 years ago
                
- SALAm Urgençli aga.kesgitli ýazypsyň weli,şakandy şol gözel elipbiýde ýazan blmagy mümkin dälmi?
- 
                URGENCLI
                13 years ago
                
- SALAm Urgençli aga.kesgitli ýazypsyň weli,şakandy şol gözel elipbiýde ýazan blmagy mümkin dälmi? 
 turkmenntug | 2012-08-30 02:28:04
 
 mümkin däl turkmentug
 ( 90 % ), edebiyatçy alym AHMET BEKMYRADOW şu meselede kop kelle döwen alym, men esasan şol alyma salgylanyp aydyan,
- 
                URGENCLI
                13 years ago
                
- arap elipbiyi gelip gadymy elipbiylerimizi heläk etdi, 
 
 bu hakda andalyp:
 
 bir asmany bela inip nahandan
 yuwutdy ol düri, gymmat bahany
 
 diyyär
 
 bu yerde näme diyiljek bolyany yagny ''asmany bela'' elbetde düşnukli bolsa gerek
 
 
- 
                URGENCLI
                13 years ago
                
- ol ki haysy jandar her kimge tagma
 basmak bilen ol terpenip döredi
 dil çykanda söz düşürip adamga
 birniçe dil bilen sözläp ugrady
 
 ol niçik jandar bir göwrede alty baş
 yigrim dört ayakly yöräp çykdy daş
 ayaklarna bolmaz jesedi yoldaş
 yene baran yerde hökmi yöredi
 
 ol nämedir dilsiz yerde ayagy
 sözläp açdy niçe muşgil soragy
 ol ayaklar şol milletin yaragy
 her duşmandan ayak bilen gorady
 
 göwreden üç yüz ýyl soň çykdy başy
 şeyle bir janawer kyndyr döreyşi
 üç müň ýyldan geçýär ayagnyň ýaşy
 başy bireyyämler ölüp gurady
 
 ayagny yuwutdy kuraýyş ýylany
 şonuň bilen gitdi jany biläni
 ondan zäherlendi dünyä bolany
 ol arabystanda dogup döredi
 
 şakandy(näbelli turkmen şahyry, bary-yogy dört goşgusy bize gelip yetipdir)
 
 URGENCLI
 8 jogap
 173 okalan
 2011-10-11 10:33:03
- 
                Kuraldyshy
                13 years ago
                
- üç mün yaş !!! beterden beteri gelyar..... yatlamak hem milletin adyna goşant diyen yaly
turkmenntug 14 years ago- sag bol ürgencli dostum.