Senden rishdämi kesmerin, Watan, Bir ädim yzyma tesmerin, Watan. Goragynda durmak mukaddeslikdir, Men seniñ ömürlik esgeriñ, Watan. Atam sheý diýerdi: "Sözlegin rastyñ, Bagtly gün bilmersiñ adamyñ köstün. Betbagt günde-de bir bähbit bardyr, Shol gün has tanadar dushmanyñ, dostuñ. Duz-nesibe rysgalyña çekermish, Alla berse, aryk bolup akarmysh. Karun dek baýlaryñ tapmadyk zady, Derwüshleriñ haltasyndan çykarmysh. Okadym, kelamdan ýazylan bular, Edeniñ bigüman alnyña geler. Diñe ýagshylyk et, eliñden gelse, Agladan aglarmysh, güldüren güler. Shalyk edip göwünleriñ töründe, Olar gülüp gezsin gezen ýerinde. Gyz baran ýerine badashyp gitsin, Gelin orun alsyn gelen ýerinde. Bu sözleri alamok men howadan, Görk hakynda kändir "çorba sowadan". Görmegeý kemi ýok gözel gyzlaryñ, Hamyla gelinler has hem owadan. Ýoluñ gözläp sözi ýumshak ýaýmagyñ, Bozman gezdim göwünleriñ gaýmagyn. Uly dünýä hakda gürrüñ edýärkäm, Eý, pelek, sen meni kiçi saýmagyn! Gizlinlikden, bukulykdan gorkýaryn, Il içinde "ikilikden" gorkýaryn. Gorkamok men o dünýäden, ölümden, Shu dünýäde ýekelikden gorkýaryn. Adamlañ bolshuna haýrandyr aklym, Sebäbin agtaryp çar ýana bakdym. Her kim özi bilen bolup ýörendir, Sygdyrmaz añyna özgäniñ aklyn. Mert kishiden ýagshylygyñ gaýdaram, Edenini il içinde aýdaram. Kyn günüñde goltgy beren gerçege, Gezeginde müñ mertebe gaýtaryñ. Hyýalym gush bolup asmana uçsa, Serden geçip yshkyñ sherabyn içse, Meni gören Leýli Mejnundan geçer, Seni gören Mejnun Leýliden geçse! Bashymy älemiñ aýlawna goshýän, Aý bolup dogulýan, Gün bolup ýashýan. Ne ajaýyp ýatlamalar dünýäsi, Islän wagtym atam-eneme dushýan. Doly anyklaman bärden gaýtmagyn, Göz görmese, gulak sözün aýtmagyn. Diýseler-de: "Deñ etmäni dush etmez", Hemme jübüt mynasypdyr öýtmegin. Aklym ýetmez munda galmaýanyma, Ne sebäpden gitsem gelmeýänime. Ahyrynda göz ýetirdim dünýäde, Hiç zada düshünip bilmeýänime. Gözüm ýetdi bolmasam-da halatly, Uçmadym, bolsam-da perli-ganatly. Adamlar sheýle bir "oýun" gurnady, Ýeñenimden ýeñilenim amatly. Il gözüne ýokmaz syratym bolup, Aýlawda ozmaýan gyratym bolup. Men hakda bir çyna orun bermäni, Ýüz ýalan ýashap ýör gybatym bolup. Käshgä ýükli güni ötmedik bolsa, Oty, iými, suwy ýetmedik bolsa. Eshegiñ semräni bildirjek däldi, Mes bolup eýesin depmedik bolsa. Döwran baky durar öýdüp çaklama, Jaýyn bilmän ýagshy-ýaman gepleme. Erkin gezýän pishik haýbat atyp dur, Gözenekde biygtyýar gaplaña. Gyzmalygym gaýdyshypdyr, sowapdyr, Danalary diñlemeklik sogapdyr. Akmaklaryñ berýän müñ soragyna, Dymyp durmak iñ akylly jogapdyr. Aglanyña, güleniñe degmese, Saralyplar solanyña degmese, Galjak bolup erishmezdi adamzat, Eger dünýä geleniñe degmese.

Köneler, Yegen tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir