Arzanladyş: Köwüş satan bir yaşuly gerekli zatlary öz dükanyna goýan wagty ony bir çagajyk üns bn seretýärdi. Okuwlaryň tamamlanýan güni bolansoň hasam sport köwüşleri köp’di. Dogry, zatlar lüks däldi ýöne kiçijek dükan üçin ýeterlikdi. Köwüşlen iň gowusyny dükanyn öňüne goýanda çagajyk bir ädim dükana tarap ýöredi ýöne agyr ýagdaýda pişek ulanýardy. Adam oňa ýene bir gezek seretdi. Üstündäki balagynyň çep tarapy, dyzyndan aşagynyň boşlygy üçin balagy şemala saga sola bulanýardy. Çaga köwüşlere seredip haýran galypdy. Hyýallarynyň bolmajagyny bilip ýola düşjek bolanda adam derrew daşary çykyp: “Oglum, köwüş almakçymy? Bu ýylky köwüşler hasam gowydyr.” --- Çagajyk oňa seretdide: -“dogry gaty gowy eken” diýip ýylgyrdy. “Ýöne meň bir aýagym doguştan ýok”. -Adam: “Meň üçin ýoklygy hökman dal” diýip çaga tarap ýöredi. “bu dünýede her zady bolan adam ýoga, kimin eli ýok, kimin aýagy, kimiň bolsa imany”. Çagadan ses çykanokdy adam bolsa gürlemesini dowam etdi: “käşka imanymyz ýok bolandan aýagymyz ýok bolan bolsa gowy bolardy.” Çagaň kellesi garyşdy: “düşünmedim, o nähili?” -“eger imanymyz ýok bolsa jennete girmeýäs, ýöne aýaklar ýok bolsa problema däl. Haçanda jennete barylanda ähli ýokluklar ýok bolar, aýagy ýok adamlan aýaklary bolar”. Çagajyk ýene ýylgyrdy hamala şuwagta çenli gaýgylary ýeňlän ýaly boldy. Adam dükana tarap elini uzadyp “halan köwşiň sana bolar, barlap görjekmi?” diýdi. Çaga kellesini yralap: “üstünde 30 man ýazylgy. men alyp bilmerin” diýdi. Adam:“Arzanladyş möhletini seň üçin yza çekäýerin, bu ýagdaýda 20 man bolar senem bir taýyny alýan oň bn 10 man bolar” diýdi. Çagajyk biraz durup: “a beýleki taýyny kim alar?”. -Adam ýylgyrdyda: “haý oglum senem diýän zadyny, ony’da sag aýagy ýok birine sataryn” diýip sözüni dowam etdi:”hasam sen okuwçy dälmi? -Çagajyk “hawa, hawa 3 nji synpa geçýän” diýip öňe okduryldy. “5 manadam okuwçy haky diýip aýyrsak aňyrda 5 man galýa olam bazar söwdasy bolar. Al ana nesip etsin sattym onda” diýdide adam dükana girdi. Içerde owadan köwüşler kändi ýöne adam çagajygyň halan köwşüni alyp geldi’de, täze köwşüni geýdirdi we öňki köwşüni alyp: “indi meň satyş işim gutardy senem mana köne köwşiňi satsaň hoşal bolardym” diýdi. Çagajyk: - “oýun etýänizmi?” diýip gözlerini tegeledi -“ol ýyrtylana, hem köne muny kim alsyn” -“Oglum sen habaryň ýokmy, köne antika zatlar şu wagt satylýar, antika hasam köne bolsa gymmat alynýar. şoň üçin seň bu köwşiň 30-40 man bolar.” Çagajyk bu zatlara haýran galyp näme etjegini bilenokdy. Ol hökman düýş’de bolmalydy hem-de durmuşyndaky iň gowy düýşdir. Adamyň tolgunyşdan ýaňa derlän ellerindaki pullary alyp 10 man yzyna berdi. Bu gezek adam haýran galdy: “näme üçin?” çagajyk ýylgyryp: “arzanladyş möhledini başlatmadyňyzmy näme” diýip çalaja güldi. Adam oň göwnini ýykman pullary aldy we ýaňagyndan öpti. Adamyň şatlygy içine syganokdy eger bar köwüşlerini bir günde satsada beýle begenmezdi. Çagajyk ýuwaşlyk bn ýerinden turdy, hamala hiç bir pişege mätäç duýanokdy. Ýyljajyk bir ýylgyryş bn: “ kakam dogry aýdypdyr, agsak bolanym üçin hiç gynanmagyma degenok diýipdi ” diýdide ýoluny dowam etdi. => türk dilinden terjime edilen. eger käbir ýerlerde, sözlem düzülişde ýalňyşlyk bolsa bagyşlaň. Çynymy aýtsam terjime edemde gaty duýgylandym, siz bn paýlaşmagy makul bildim. Hemmänize jan-saglyk arzuw etýän!!!!!

Köneler, Nechka94 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir