Şeýle golaý ýaşasa-da bir wagtlar, Käte aýra düşýär adam-adamdan. seniň bilen bile geçen pursatlar ömürbaky çykmaz meniň ýadymdan. Läläm, seni ömürbaky unutman, Biler bolsaň, şu zeýilli ýigit men. Senem ýüregiňde saklasaň adym, Öňküdenem artar kalbymda şadym, Birdenem… unudyp, alaýsaň badym, Şonda-da gam çekip, gaşymy çytman, Biler bolsaň, şu zeyilli oglan men. Meni söýýäniňe ynanýan kemsiz, Ýöne munuň üçin söýemok seni. Söýülýänim üçin söýmeli bolsam, Öňem az bolmady söýenler meni. Men seni söýemok söýýäniň üçin, Men seni söýýärin söýýänim üçin. Halyl Kulyýew

Köneler, ashykoglan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir