şol gözele duşanymda bir gezek: - Sözüm diňle - diýdim. - sözlegin - diýdi. Diýdim: - gülüm, beýle örteme uzak. - gülüňi daşrakdan gözlegin - diýdi. Diýdim: - sen görküsiň ähli gülleriň. - sen nämeler diýýäň, goý, oglan - diýdi. diýdim: - sagym sagýan akja gollaryň... - Diýjegňi açygrak diý, oglan - diýdi. - sen meni söýermiň, perizat? - diýdim. gyz ýaýkap başyny: - söýmerin - diýdi. - bu ýöne söýgi däl, bu bir ot - diýdim. gyz çytyp gaşyny: - Köýmerin - diýdi. Diýdim: - ýürek joşýar misli bir derýa, gyz oýnap saçyny: - ýüzmerin - diýdi. diýdim: - Bar umydym inçelip barýa, gyz dişälp dilini: - üzmerin - diýdi.

Köneler, ashykoglan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir