Şu goşguny gowy gördüm. Sizede ýetiräýeýin diýdim. Seni ýatlamak juda kyn maňa, Ýatlasym gelmesede, ýatlanylýaň sen, Kä özüm ýatlaýan, kä ýatladýalar, Şeýdip ýüregimi ýaralaýalar. Sanap seniň bilen bolan günlerim, Belki sanardanam azdyr ol günler, Emma şol günleriň ýeke minudyn, Çalyşman hiç bir bagta, dilberim... Niçün seni hiç unudyp bilemok, Niçün söýülmesemem unudyp bolanok? Sen diňe aňda däl, sen bu ýürekde, Hiç haçan söýülmedik ejiz ýürekde. Ýürek öz söýenin ýatdan çykarmaz, Duşsada ençeme magşuk gözeller, Ol biri diýip ýaşar, biri diýip urar, Şol diýip gamlanar, şol diýip öler. Aşyklyk, mežnunlyk, nämekä olar? Bilemok häzirä, bilmerin soňam. Emma, sensizligiň nämedigini, Aýdaryn şu pursat, aýdaryn soňam. Guran agaçlardyr, solan bägüller, Ganatsyz guşlardyr, suwsyz balyklar, Howasyz durmuşdyr sensizlik diýmek, Jansyz ýaşaýyşdyr sensizlik diýmek. © Awtor, 5 iýul 2011.
Goşgy
- 
                owreniji
                14 years ago
                
 
- 
                owreniji
                14 years ago
                
- şu goşgy barada pikirleriňize garaşýan...
- 
                ALADIN
                14 years ago
                
- owreniji gaty gowy goshgy aýdara söz ýok :)
- 
                Yegen
                14 years ago
                
- Gaty gowy 
 goshgy söz
  ýok!
- 
                Abadan
                14 years ago
                
- Daa söz yok. Gowy gosgy. Önem gosgy duzyanizmi özuniz?
- 
                vesna87
                14 years ago
                
- bu hakyky yarsyz durmush durmush dal dowzah.
- 
                Abadan
                14 years ago
                
- Vesna edil dowzaham daldirle. Ur diyilse,sizem yöne oldurayaniz.
- 
                littil
                14 years ago
                
- gaty gowy goşgy. bize ýetireniň üçin sposiba.
- 
                Toty
                14 years ago
                
- SEN SIN YAR SAYLAN YARYM 
 CYN SOYGUM KALBYMDA SEN
 YAR SENSIN SOYEN YARYM
 MENDE GOWNUN BARMY SEN
 
- 
                sazanda2
                14 years ago
                
- gyz gosgy yazsa gayty betinden dusyalay...
- 
                sazanda2
                14 years ago
                
- Guran agaçlardyr, solan bägüller,
 Ganatsyz guşlardyr, suwsyz balyklar,
 Howasyz durmuşdyr sensizlik diýmek,
 Jansyz ýaşaýyşdyr sensizlik diýmek.
 
 stayyna-ha dogry bellapdir.
owreniji 14 years ago