Hindistanyň Andhra-Pradeş ştatynda her ýyl geçirilýän Banni festiwalynda bir adam pida boldy, ýüzlerçe adam ýaralandy diýip, «news.by» habar berdi. Däp bolşy ýaly, bu baýramçylyk Şiwa taňrynyň gara güýçleri ýeňşine bagyşlanandyr. Gadymy dessura eýerilip, festiwala gatnaşyjylar bir-birlerini bambuk taýaklary bilen ýençýärler. Ýerli häkimiýetleriň howpsuzlyk çärelerini berjaý etmäge çagyryşyna garamazdan, dini baýramçylyk ýene uly heläkçilige sebäp boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→