22-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde küşt boýunça Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrunda ýaryş geçiriler. Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçiriljek bäsleşikde tejribeli grossmeýsterler, geljegi uly ýaş türgenler hem-de sport weteranlary özara bäsleşerler. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Ýaryşa gatnaşyjylar öz ussatlyklaryny küşt oýnunyň üç görnüşi – nusgawy küşt, çalt (rapid) we juda çalt (blis) boýunça görkezerler. Ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 10 000 manada deň bolar. «A» derejede birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelän türgenlere degişlilikde 3000, 2000 we 1000 manat möçberinde pul baýraklary gowşurylar. «B» derejede bolsa baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere degişlilikde 500, 300 we 200 manat berler. Esasy baýraklardan başga-da, ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, zenan küştçüler, sport weteranlary hem-de dürli ýaş toparlaryna degişli ýaş küştçüler üçin ýörite pul baýraklary göz öňünde tutulýar. Öz derejelerinde ýeňiji bolan we ýokary netijeleri görkezen küştçüler 2027-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Ýokary ligasynda çykyş etmäge hukuk gazanarlar. Çalt (rapid) we juda çalt (blis) görnüşleri boýunça iň güýçli oýunçylar bolsa halkara ýaryşlarda ýurda wekilçilik etmäge mümkinçilik alarlar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→