Aşgabatda XXXI «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Forum «Türkmenistanyň energetika strategiýasy: sebitara özara arabaglanyşyk we halkara hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlis bilen açyldy. Çäre 23-nji oktýabra çenli dowam eder we ol döwlet edaralarynyň, milli hem-de halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, EPC-potratçylaryň, tehnologiýa üpjünçileriniň, maliýe institutlarynyň we maýadarlaryň wekillerini bir ýere jemlär. Ara alyp maslahatlaşmalara wise-premýer Guwanç Agajanow, Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utlaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan, «SOCAR» kompaniýasynyň prezidenti Rowşan Najaf, «PETRONAS» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahab, «XRG» («ADNOC») kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Abdulla Al Şamsi we «Dragon Oil» kompaniýasynyň başlygy Abdulkarim Al-Maazmi gatnaşýar. «APCO Worldwide» kompaniýasyndan Jon Defterios maslahatyň moderatory hökmünde çykyş etdi. Guramaçylar bu çäräni Türkmenistanyň esasy energetika platformasy we Ýewraziýada pudagyň iň abraýly wakalarynyň biri diýip atlandyrýarlar. Geçen ýylky forum 70 ýurtdan 1 400-den gowrak wekili bir ýere jemläpdi. Bu ýyl bolsa maýa goýum taýdan özüne çekiji taslamalara, netijeli maliýeleşdiriş mehanizmlerine hem-de energetikadaky gymmatlyklary döretmegiň tutuş zynjyry boýunça strategik hyzmatdaşlygy kemala getirmäge aýratyn üns berilýär. Gaz eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek esasy temalaryň biri bolar. Maksatnamada dünýäde iň iri ýataklaryň biri bolan «Galkynyş» känini tapgyrlaýyn özleşdirmek we uglewodorodlary gaýtadan işlemegi ösdürmek barada hem bellenilip geçilýär: ýurtda döwrebap gaz-himia toplumlary ulanmaga berilýär. Gatnaşyjylara gury ýerdäki we deňizdäki taslamalardaky maýa goýum mümkinçilikleri, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegi, könelen ýataklarda nebit çykarylyşyny ýokarlandyrmak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny we Seýdidäki NGIZ-ni döwrebaplaşdyrmak barada maglumat berler. Gün we ýel energetikasyna hem aýratyn bölüm bagyşlanýar. Mejlisleriň meýilnamasynda daşky gurşawy goramak meseleleri uly orun eýeleýär: metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek we halkara ekologiýa hyzmatdaşlygy. Ozal habar beşimiz ýaly, forumyň açylyşy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow onuň gatnaşyjylaryna we myhmanlaryna Gutlag iberdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→