Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän 80 orunlyk Stomatologiýa merkezi dörediler. Bu barada TDH habar berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli resminama ilata halkara ölçeglere laýyklykda stomatologiýa we bedeniň äň-ýüz böleginiň kesellerinde innowasion tehnologiýalara esaslanýan döwrebap bejeriş-öňüni alyş kömegini bermegi guramak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän 80 orunlyk Stomatologiýa merkezini bellenen tertipde döretmek hem-de şu merkez hakynda Tertipnamany bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→