Russiýa Federasiýasynyň hem-de ABŞ-nyň Prezidentleri Wladimir Putiniň we Donald Trampyň telefon arkaly söhbetdeşligi golaý wagtda bolar. Bu barada RF-niň Prezidentiniň metbugat kätibi Dmitriý Peskowa salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Neşir Peskowyň žurnalistleriň Russiýanyň lideriniň Tramp bilen söhbetdeşliginiň haçan boljakdygy baradaky sowalyna: «Tiz wagtda» diýip, jogap berendigini belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→