Birleşen Arap Emirlikleriniň «Şabab Al-Ahli» klubunyň hüjümçisi Serdar Azmun ýene-de Eýranyň milli ýygyndysynyň düzümine goşuldy. Futbolçy Özbegistana we Russiýa garşy ýoldaşlyk duşuşyklarynyň öňüsyrasyndaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna çagyryldy. Serdar özüniň gaýdyp gelmegine sosial torlarda şeýle teswir berdi: «2014-nji ýyldan bäri tä şu güne çenli milli toparyň köýnekçesinde köp zatlary başdan geçirdim. Topar bilen bile bolmadyk wagtym hem, özümi hiç wagt ondan aýry duýmadym. Men oýundan öň milli senanyň ýaňlanyşyny küýsedim. Ýene çakylyk alandygymy bilip, edil birinji gezekdäki ýaly begendim. Hiç kime öýke-kine saklamok, hiç kime hiç zady subut etjegem bolamok. Janym-durkum bilen söýýän ýurdum üçin ýene-de göreşmäge mümkinçilik alandygyma diýseň begenýän. Küýsedim – ine-de, gaýdyp geldim!». Eýran toparynyň gatnaşmagyndaky ilkinji duşuşyk 24-nji sentýabrda Ferganadaky «Istiklol» stadionynda Özbegistanyň ýygyndysyna garşy geçiriler. Russiýanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygy bolsa 29-njy sentýabrda Kazandaky «Ak Bars Arena» stadionynda bolar. Serdar milli topar üçin 91 oýna gatnaşyp, 57 gol geçirdi. Özüniň ýokary netijeliligi bilen ol diňe Mehdi Taremiden we eýran janköýerleri üçin rowaýata öwrülen Ali Daeiden yza galyp, Eýranyň milli ýygyndysynyň taryhyndaky iň gowy bombardirleriň sanawynda üçünji orny eýeleýär. Öz karýerasynda eýranly türkmen hüjümçisi Italiýanyň «Roma», Germaniýanyň «Baýer», şeýle hem Russiýanyň «Rubin», «Rostow» we «Zenit» klublarynda çykyş etdi. Ýatlap geçsek, 31 ýaşly Azmun 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Eýranyň ýygyndysynyň düzümine girizilmändi. DÇ-de Eýran futbolçylary toparlaýyn tapgyrda Belgiýa, Müsür we Täze Zelandiýa garşy oýnap, toparçada 3-nji orny eýeläpdi we ýaryşdan gaýtmaly bolupdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir