Vice TV teleýaýlymy sport dünýäsindäki jedelli şahsyýetler barada gürrüň berýän «Everybody Hates» («Hemme kişi ýigrenýär») atly dokumental antologiýa serialyny çykarmaga taýýarlanýar. Variety neşiriniň habar bermegine görä, serialda meşhur türgenleriň nähili ýagdaýda millionlarça adamyň hem söýýän, hem ýigrenýän şahsyýetlerine öwrülişi hakynda gürrüň berler. Serialyň her bölümi aýratyn bir türgene bagyşlanýar. Serialyň ilkinji bölümi 27-nji oktýabrda görkeziler. Ol bloger we boksçy Jeýk Pol barada bolar. Öňem habar berşimiz ýaly, Jeýk Pol ýakynda Entoni Joşua bilen geçirilen söweşde nokauta düşüpdi. Serialyň täze bölümleri her hepde ýaýlyma çykar. Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu hem serialda çykyş eder. Onuň gatnaşýan bölüminiň görkezilmegine 24-nji noýabrda garaşylýar. Serialda başga-da NFL (amerikan futbolynyň) ýyldyzlary Aaron Rojers we Maýkl Wik, boksçy Floýd Meýwezer-kiçi, şeýle hem WNBA-nyň basketbolçysy Keýtlin Klark çykyş eder.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir