Atajan Annaberdi Men bir çarwa obajygna sataşdym, Sähraň jümmüşinde, içinde çölüň. Bu täsin obajyk birmahal göçden Bölünip galana edip dur çalym. Uly-kiçi üçin kanun ekeni Munda oba ýaşulsynyň aýdany. Garşylanýar gelen çetinde obaň, Ýola salnyp ugradýarlar gaýdany. Myhman gelen güni toý tutýar oba, Dutar çalynýar hem aýdylýar aýdym. Diýýär her kim nobatyna garaşyp: “Myhman, bizdenem bir duz dadyp gaýdyň!” Aýlanarsyň. Gollaryny çyzgaşyp, Goç ýigitler hyzmatyňda durarlar. Demir ýol garasyn görmedik gyzlar Adamsyz öýlere kürsäp urarlar. Ojakdan göterlen çalymtyk tüsse Sütün bolup ýeter durar asmana. Milt etmersiň tämiz bolmasa kalbyň Bu mukaddes oba aýak basmaga.

Köneler, Bagyr tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir