Türkmenistanyň Prezidenti demir ýol ulgamynyň ýük dolanyşygy ösdürmegi tabşyrdy. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurduň demirýol ulgamynyň ýük dolanyşygyny ösdürmek boýunça «Demirýollary» AGPJ tarapyndan degişli işler geçirilýär. Şunda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi pudagyň ýük dolanyşygyny ösdürmäge yzygiderli ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer B.Annaýew döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň demir ýol ulgamynyň ýük dolanyşygyny ösdürmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.