Dünýäde ilatyň garramagy sebäpli 2030-njy ýylda Saglygy goraýyş ulgamynda 11 milliondan gowrak hünärmen ýetmezçilik eder. Bu barada anna güni Saglygy Goraýyş guramasy habar berdi diýip, «ria.ru» ýazdy. «Köp ýurtlarda bir wagtda hem ilat, hem-de lukmanlar garraýar. Bu çak edilýän ählumumy saglygy goraýyş hünärmenleriniň ýetmezçiligini has-da ýitileşdirip biler hem-de görkeziji 2030-njy ýylda 11,1 milliona deň bolar» diýip, BSGG-niň wekili Hassum Diallo Ženewada eden çykyşynda belledi. Onuň sözlerine görä, 122 ýurtdan alnan maglumatlar häzirki wagtda her bir dördünji lukmanyň 55 ýaşdan uludygyny hem-de golaý 10 ýylda olaryň pensiýa gitjekdigini görkezýär. Ýokary girdejili ýurtlarda bu görkeziji her üçünji lukmana degişlidir. Hünärmenleriň garramagy saglygy goraýyş ulgamynda gyssagly ünsi talap edýän meseledir. Şonuň üçin BSGG ýurtlary lukmançylyk hünärmenlerini taýýarlamak, olary iş bilen üpjün etmek we saklamak barada aladalanmagy hasaba almak bilen, uzakmöhletleýin syýasaty taýýarlamaga çagyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir