Wýetnamyň demirgazygyndaky we demorgazyk-merkezi bölegindäki güýçli çabga, sil we süýşgünler üç adamyň heläk bolmagyna hem-de 16310 öýüň gark bolmagyna getirdi. Bu barada «VietnamPlus» neşirine salgylanýan «Azertaj» habar berdi. Tebigy hadysa oba hojalyk ekinlerine güýçli zeper ýetirdi, 15 mekdep we suwaryş ýaplarynyň iki kilometre golaýy harap boldy. Ýollaryň hem hatardan çykan ýerleri bar. Hanoý-Hoşimin demir ýol ugrunda suw basmagy sebäpli otly gatnawy togtady. Ýurduň Hökümeti sil joşgunlarydyr süýşgünler bolar diýlip çak edilýän etraplarda gije-gündizleýin nobatçylygy, derýalaryň suwunyň gözegçiligini ýola goýdular diýlip, habarda bellenýär.