2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Seul şäherindäki «The Grand Lotte» myhmanhanasynda Türkmenistanyň «Mert Ýigit» hususy kärhanasy bilen «ONU H&C Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama taraplaryň Türkmenistanyň we Koreýanyň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meýillerini tassyklaýar. Ähtnamada nebitgaz pudagynda, himiýa senagatynda, senagat önümçiliginde, aragatnaşyk we emeli aň ulgamynda, ýol we demir ýol gurluşygynda, energetikada, saglygy goraýyşda, şeýle hem beýleki gurluşyk taslamalarynda özara hyzmatdaşlyk etmek göz öňünde tutulýar. «Mert Ýigit» hususy kärhanasy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýär we gurluşyk işlerine ýöriteleşendigi bilen tanalýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir