Azow-Gara deňzi basseýninde logistikanyň çäklendirilmegi, Ormuz bogazyndaky gämiçilik bilen bagly kynçylyklar üstümizdäki oba hojalyk möwsüminde (2027-nji ýylyň ýanwar-iýuny) bugdaýyň dünýä nyrhlarynyň gymmatlamagyna getirip biler. Bu barada «ПроЗерно» kompaniýasynyň baş direktory Wladimir Petriçenkonyň çaklamasyna salgylanýan «INTERFAX.RU» ýazýar. Bugdaýyň dünýä bahalaryna Ýewropada we Awstraliýada bu möwsümde geçen ýyldakydan az hasyl alynmagy hem täsir edip biler. «Onsoňam El-Nino (Ýuwaş ummanyň ekwator zolagynda howa temperaturasynyň adatdan daşary ýokarlanmagy) hem muňa goşant goşar» diýip, Petriçenko nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir