Bangladeşde martdan bäri gyzamykdan 999 sany çak edilýän we tassyklanan ölüm hasaba alyndy. Bu barada «khovar.tj» habar berdi. Kesellileriň 20 müňe golaýy laboratoriýa şertlerinde anyklandy, 146 müňden gowrak keselli gyzamykda şübhelenip hassahanalara ýerleşdirildi. ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik etmek we öňüni almak boýunça merkezi ýagdaýa dünýäde iň uly gyzamyk möwjemesi diýip baha berdi. Hünärmenler ýokanjyň ýaýramagyny 2024-nji we 2025-nji ýyllardaky sanjym işleri döwründe ýol berlen kemçilikler bilen baglanyşdyrýarlar. Bangladeşiň hassahanalary bir wagtda gyzamygyň we denge bilen kesellänleriň artmagy bilen baglylykda, kyn ýagdaýy başdan geçirýärler. Bu ýyl denge bilen ýurtda 45 müň adam hassahanalara ýerleşdirildi. Gyzamyk örän ýokanç keselleriň biri bolup, onuň öňüni sanjym arkaly almak mümkin diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir