Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Müdimi senadyr ene hüwdüsi» atly bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty bilen bilelikde guralan bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Hüwdi ene mährinden dörän ajaýyp aýdymdyr. Şonuň üçin eneleriň öz perzentlerine iň gowy ak arzuwlaryny siňdirip döredýän hüwdi bentleri Gün ýaly mähirli, Aý ýaly şuglaly hem bakydyr. Ol enäniň perzendiniň çagalygyndan gulagynda galyp, tutuş ömrüne dowam edýän müdimi senadyr. «Müdimi senadyr ene hüwdüsi» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda oňa gatnaşan zenanlar üç şert boýunça bäsleşdiler. Ilkinji şertde halk döredijiliginiň bu şahyrana görnüşiniň asyl nusgalary, döreýşi bilen bagly hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda ene hüwdüsi hakdaky maglumatlardan aýdyp berdiler. Bäsleşigiň ikinji şertinde çagany rahat ýatyrmakda öwüt-ündew häsiýetli hüwdüleriň ähmiýeti hakda gürrüň berdiler. Zenanlar bäsleşigiň üçünji şertinde hüwdi ýaňlanýan alty ganatly ak öýler, şol ak öýleriň ýaraşygy bolan sallançak hem-de onuň ýasalyş aýratynlyklary hakda, sallançagyň döreýşi bilen bagly rowaýatlary gürrüň berdiler. Şeýle hem olar sallançagyň ýanynda hüwdüleri ýerine ýetirdiler. Eminleriň biragyzdan gelen netijesine görä, bäsleşikde baş baýraga Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň uly laboranty Nurtäç Döwletowa, birinji orna Balkan welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Anna Haýdarowa, degişlilikde iki sany ikinji orna Mary welaýat Halk döredijilik merkeziniň orkestr toparynyň artisti Gülnabat Atdaýewa hem-de Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiň mugallymy Güljahan Garagoçowa, üç sany üçünji orna hem Gökdepe etrap medeniýet bölüminiň «Ahal» halk saz gurallary ansamblynyň artisti Gunça Mädenowa, Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndaky 8-nji çagalar bakja bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy Gülälek Mämmedowa, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 63-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçisi Jeren Hudaýnazarowa dagy mynasyp boldular. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir