Italiýaly syýasatçy, Radikal partiýany esaslandyryjylaryň biri Emma Bonino 78 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada onuň giren «+ Ýewropa» partiýasy habar berdi diýip, TASS ýazýar. «Bu gün bizi liderimiz terk etdi: ýurdumyzyň taryhynda iň batyrgaý we erkin pikirli syýasatçylaryň biri aradan çykdy» diýlip, partiýanyň beýanatynda bellenýär. Bonino 2013-2014-nji ýyllarda Romano Prodiniň (2006-2008) Ministrler Kabinetinde ministr kürsüsini eýeledi. Ony Respublikanyň Prezidentligine mümkin bolan dalaşgärleriň biri diýip atlandyrýardylar. Emma birnäçe ýyl mundan öň onda düwnük keseli tassyklandy, syýasatçy bejergi alyp keselden gutuldy. Golaýda zenan syýasatçynyň agyr dem alyş sökelligi sebäpli hassahana ýerleşdirilendigi belli boldy. «Emma Bonino onýyllyklaryň dowamynda italýan syýasatynyň güýçli sesi boldy, ol öz garaýyşlaryny berk goramagy başarýardy. Biziň syýasy taryhymyz dürli, ýöne bu maňa onuň işiniň ýurdumyz üçin ähmiýetini ykrar etmäge päsgel bermeýär» diýip, Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni sosial torda ýazdy.