Amerikaly işewürler «Bloomberg» agentliginiň milliarderleriň sanawynda ilkinji on ornuň ählisini eýelediler. Penşenbe güni kaşaňlyklar ulgamynda iň öňdebaryjy fransiýaly işewür Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň onlugyndan çykyp, ornuny 96 ýaşly maýadar Uorren Baffete berdi. Sanawda has köp tapawut bilen Ilon Mask birinji orny eýeledi, onuň emlägi 918,8 milliard dollar bahalanýar; ondan soňra tehnologiýalar pudagyndaky işewürler, şol sanda Larri Peýj, Jeff Bezos, Sergeý Brin we Maýkl Dell ýerleşdiler. Olaryň ählisi-de ABŞ-nyň raýatlarydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir