Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Ata­hal­lyýew, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem täjik diasporasynyň wekilleri gatnaşdy. Ýygnananlaryň öňünde gutlag sözi bilen Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Wafо Niýatbekzoda çykyş etdi. Ol 2026-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny belleýändigini nygtap, ýurdy medeni mirasy baý, depginli ösýän döwlet hökmünde häsiýetlendirdi. Aşgabatda Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bellenildi Diplomatyň sözlerine görä, Garaşsyzlyk ýyllarynda Prezident Emomali Rahmonyň ýolbaşçylygynda Täjigistanda syýasy durnuklylygyň we milli agzybirligiň binýady tutuldy. Ilçi çalt depginli senagatlaşdyrmak, ýurduň energetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem ulag infrastrukturasyny giň gerimde ösdürmek — ýollaryň, köprüleriň we geçitleriň gurluşygy boýunça gazanylan üstünlikler barada gürrüň berdi. Çykyşda täjik-türkmen gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Ilçiniň bellemegine görä, bu gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine daýanýar. Ol soňky bir ýylyň dowamynda ýokary derejede geçirilen birnäçe sapary ýatlatdy: Emomali Rahmonyň 2025-nji ýylyň awgustynda we dekabrynda Türkmenistana amala aşyran iş saparlaryny, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň oktýabrynda Täjigistana bolan saparyny, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 4–5-nji aprelinde Duşenbe şäherine amala aşyran resmi saparyny belledi. Aşgabatda Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bellenildi Niýatbekzoda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň syýasat, ykdysadyýet, oba hojalygy, senagat we energetika ýaly ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigini nygtady. Ilçi hyzmatdaşlygyň iň depginli ösýän ugurlarynyň biri hökmünde ulag-aragatnaşyk ulgamyny görkezdi we 2026-njy ýylda Türkmenistanyň çäginden geçýän demir ýol we awtoulag gatnawlarynyň möçberleriniň ep-esli artandygyny belledi. Şeýle hem bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Çykyşynyň ahyrynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn gatnaşyklara berýän ünsi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlugyň mundan beýläk-de pugtalandyrylýandygyna ynam bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir