Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew maşgalasy bilen resmi sapar bilen Belgrada bardy diýip, «Uza.uz» portaly habar berdi. Serbiýanyň Nikola Tesla adyndaky halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmanlary ýurduň Prezidenti Aleksandr Wuçiç we onuň maşgalasy garşyladylar. Saparyň esasy wakalary şu gün bolar. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, özbek-serb ýokary derejeli gepleşikleri, iki ýurduň resmi we telekeçilik wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik forumy geçiriler. Olaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumynyň kabul edilmegine garaşylýar.