Fransiýanyň günortasyndaky Kan-sýur-Mer şäherindäki Pýer-Ogýust Renuaryň muzeýinden dört nakgaşlyk eseri ogurlandy. Bu barada ýurduň «TF1» teleýaýlymy habar berdi. 8-nji sentýabrdaky wakanyň bolan ýerinden düşürilen wideoýazgyda iki sany näbelli adamyň muzeýe girip, suratlary çarçuwadan kesip alýandyklary görünýär. Şäheriň häkiminiň sözlerine görä, talaňçylar gaçanlarynda dört işiň birini galdyryp gidipdiler. Ogurlanan sungat eserleriniň umumy bahasy 9 million ýewro deň. Muzeýde Renuaryň eserlerinden başga-da birgiden nusgawy suratkeşleriň işleri sergilenýär. Talaňçylaryň haýsy eserleri ogurlandyklary habar berilmeýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir