Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň arasynda bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Gazagystanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçysy gazagystanly kärdeşini daşary işler ministri wezipesine bellenmegi bilen gutlady, geljekki işlerinde üstünlikler arzuw etdi hem-de ikitaraplaýyn özara tagallalaryň we konstruktiw hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerini, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şeýle hem köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy gepleşikleri mundan beýläk-de pugtalandyrmak, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem taraplar öňde duran ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn çäreleriň tertibini gözden geçirdiler.