Ýakynda türkmenistanly studentler Tel Awiw uniwersitetiniň howandarlygynda Ysraýylda geçirilen matematika boýunça VII Halkara Internet-Olimpiadasynda ilkinji orunlary eýelediler. Bu Olimpiada Russiya bilen Ysraýylyň bilelikde taýýarlan proýektidir. Bu Olimpiada Magtymguly Pyragy adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň we Politehniki institutynyň studentleri gatnaşdylar. Olar Germaniýadan, Orsýetden, Çehiýadan, Hytaýdan, Polşadan, Belarusdan we beýleki ýurtlardan gatnaşýan ýaşytdaşlary bilen bäsleşdiler. Studentler matematika boýunça Internet Olimpiadasynyň ilkinji tapgyrynda dört medala eýe boldular we onuň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Türkmenistanly studentler Halkara Olimpiadanyň üç sagada çeken ikinji tapgyryndan ynamly geçmegi başardylar. Bu tapgyrda matematiki analiz, analitik geometriýa, sanlar teoriýasy boýunça sowallar bardy. Dört altyn medal Netijede Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň studentleri Pirmyrat Gurbanow, Ýoldaşbaý Kurambaýew, Ykram Jumagulyýew we Politehniki institutyň arhitektura-gurluşyk fakultetiniň studenti Agageldi Samedow dagy Olimpiadanyň final tapgyrynda dört sany altyn medaly aldylar. Finalda 10 sany sorag soraldy. Olimpiadada ýene-de Pirmyrat Gurbanow, Agageldi Samedow we uniwersitetiň studentleri Ýusupbaý Ermetow, Serdar Ataýew we Akmyrat Ýagmyrow dagy bäş sany kümüş medala mynasyp boldular, bu medallaryň üçüsini finalda eýelediler. Ýusupbaý Ermetow, Ykram Jumagulyýew we Allaberdi Temirow bolsa, Olimpiadanyň bürünç medalyny aldylar. Allaberdi Temirow bürünç medaly ýaryşyň final tapgyrynda gazandy. Şeýdibem olar bu Olimpiada-da öňdäki orunlaryň birini eýelediler. Matematika boýunça Ysraýylda geçen VII Halkara Internet Olimpiadasynyň ýeňijileri geçmişde hem dürli dersler boýunça ýerli we halkara ýaryşlarda ýeňiji bolupdylar. Bu Olimpiada Türkmenistandan gatnaşan toparyň düzümindäki on student abraýly on iki medala we alty sany höweslendiriji baýraga eýe boldular. Sowgatlar gowşuryldy Golaýda ýurduň ýokary okuw jaýlarynda Halkara Olimpiadanyň ýeňijileriniň hormatyna dabara gurnaldy we olara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Köneler, Bagyr tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir