Türkmen ýaşlarynyň sanly tehnologiýalar we IT ulgamyndaky ukyp-başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda «Baky Tylla» bilim merkezinde «RuCode 2026» algoritmik programmirleme boýunça halkara olimpiadasy geçiriler. Bu bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň Sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ministrligi bilen hyzmatdaşlykda guralýar. Her ýyl 89 sebitden 10 müňden gowrak zehinli okuwçyny bir ýere jemleýän bu bäsleşikde iň ýokary netije görkezen türkmenistanly gatnaşyjylar dekabr aýynda Moskwa şäherinde geçiriljek uly finala gatnaşmaga ýörite çakylyk alarlar. Bäsleşige mekdep okuwçylary, talyplar we IT ulgamynyň hünärmenleri gatnaşyp bilerler. Olimpiada toparlaýyn görnüşde geçirilip, her topar 1-den 3-e çenli gatnaşyjydan ybarat bolmalydyr. Gatnaşyjylar öz taýýarlyk derejelerine görä aşakdaky 3 ugur boýunça bäsleşerler: A-B derejesi: Milli we halkara programmirleme olimpiadalarynda üstünlik gazanan tejribeli hünärmenler üçin. C-D derejesi: Esasy algoritmleri özleşdiren we programmirleme ukyplaryny has-da kämilleşdirmek isleýänler üçin. E-F derejesi: Programmirleme älemine täze gadam basýanlar we başlangyç derejedäki öwrenijiler üçin. Geçen ýyl gatnaşyjylarynyň sany boýunça Russiýanyň Rekordlar kitabyna giren «RuCode» bäsleşigi 2026-njy ýylda öz gerimini has-da giňeldýär. Bäsleşik Russiýada we daşary ýurtlarda ýerleşýän ýörite meýdançalarda ýüzbe-ýüz görnüşde geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir