Sagdyn maşgala sagdyn jemgyýetiň, sagdyn jemgyýet bolsa sagdyn döwletiň binýadydyr. Türkmen maşgalasynda bolsa muňa aýratyn ähmiýet berilýär. Bu barada Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de okuwçylar bilen geçen umumy sapagynda belledi. Çykyş «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi. «Aýratyn-da, halkymyz gyz çaganyň edep-ekramyna, özüni alyp barşyna, terbiýesine uly üns berýär. Onuň arassa ahlakly bolup ýetişmegi üçin aýratyn alada edýär. «Ýagşy ene — ýagşy gyza görelde» ýaly nakylda hem türkmen maşgalasynda zenan edebine, gyz çaganyň terbiýesine aýratyn üns berlendigini görmek bolýar. Gyz perzendiň kalbyna guýulýan ýagşy niýet-arzuwlaryň möhüm ähmiýeti bardyr. Şonuň üçin her bir ene-ata gyz perzendiň syrdaşy, ýakyn adamy bolmalydyr. Halkymyzda gyz edebi il edebine deňelýär. Päk ahlakly, sada, medeniýetli gyz çaga maşgalanyň abraýy, baran öýüniň buýsanjydyr. Biziň edep-terbiýämizde gyz-gelinlerimiziň asyllylygy, edep-ekramy aýratyn mertebä eýedir» diýip türkmen halkynyň Milli Lideri umumy sapakda belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir