Halkara syýahatçylyk žurnaly «World Magazine» özüniň ýörite sanyny Türkmenistana bagyşlady. «World Tourism Forum Institute» guramasynyň resmi neşiriniň 18-nji sany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp, «Türkmenistan-2026: Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyryldy. 60 sahypalyk neşiriň baş sahypasynda ahalteke bedewiniň şekili ýerleşdirildi. Žurnalda Türkmenistanyň bitaraplyk döwlet syýasatyna, ykdysadyýetiniň depginli ösüşine, syýahatçylyk mümkinçiliklerine, şeýle hem ýurduň medeni we taryhy mirasyna bagyşlanan makalalar ýerleşdirilipdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir