Bu barada Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilim işgärleri, talyp ýaşlar hem-de okuwçylar bilen geçen umumy sapagynda belledi. Çykyş «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi. «Nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagy, hakyky watançy, ilhalar, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň baş maksadymyzdyr. Häzirki XXI asyr tehnikanyň we tehnologiýanyň, sanly ulgamyň hem emeli aňyň yzygiderli ösýän asyrydyr. Häzirki ýaşlar sanly ulgamdan giňden peýdalanýarlar, emma her bir täzelik milli häsiýetimizden, türkmençilik däplerimizden üzňe bolmaly däldir» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. Islendik gyzyklanmanyň özüňi alyp baryş medeniýetiňe, dünýägaraýşyňa, ruhy ýagdaýyňa ýiti täsir edýändigi lukmançylyk ylmynda subut edilendir. Sanly ulgamyň çäksiz mümkinçiliklerini ýerlikli, öz akyl-paýhasyňy, başarnygyňy kämilleşdirmek üçin netijeli peýdalanmak ýaşlaryň öňündäki jogapkärçilikdir. Gahryman Arkadagyň belleýşi ýaly, türkmençilikde perzendiň kitaba bolan söýgüsi maşgaladan başlanýar. Ýaşlar şöhratly taryhy, baý edebi mirasy beýan edýän eserleri okamagy endik edinmelidir.