Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş BMG-ni we beýleki halkara institutlary şu günki köppolýar dünýäniň şertlerine laýyklykda özgertmäge çagyrdy. Ol bu barada Bişkekde geçen ŞHG-niň sammitiniň çäklerinde «ŞHG +» formatyndaky duşuşykda eden çykyşynda aýtdy diýip, TASS ýazýar. «Biz Birleşen Milletler Guramasyny hem-de Bretton-Wud ulgamyny goşmak bilen, köptaraply institutlarymyzy şu günüň ýagdaýlaryna görä özgertmelidiris. Şeýle hem adalatly dünýä tertibini kemala getirmek maksady bilen, ösýän ýurtlarda wekilçiligimizi we täsirimizi artdyrmalydyrys» diýip, Guterriş nygtady.