1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow bilen Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministriniň Aşgabada saparynyň çäginde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Bilim, ylym we ýaşlar syýasaty iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Taraplar bilim we ylym edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmek, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, akademiki alyş-çalyşlary, bilelikdäki bilim we ylmy maksatnamalary, mugallymlaryň we talyplaryň tejribe alyşmaklaryny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ýokary we umumy orta bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, sanly tehnologiýalary we emeli aňyň mümkinçiliklerini bilim işine ornaşdyrmak, ylmy-barlag işlerini ösdürmek, şeýle hem bilim, ylym, önümçilik we zähmet bazarynyň arasyndaky arabaglanyşygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, akademiki hereketliligi we bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berildi. Gruzin tarapy hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Hususan-da, türkmen ýaşlarynyň Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin mümkinçilikleri giňeltmek, Türkmenistanda Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň bilim sergisini geçirmek, bilelikdäki ylmy taslamalary goldamak we maliýeleşdirmek, şeýle hem Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň biriniň Türkmenistanda şahamçasyny açmak mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi. Ýaşlar hyzmatdaşlygynyň çäklerinde iki ýurtda gezekleşip geçiriljek tomusky lagerleri guramak, talyp alyş-çalyşlaryny, ýaş alymlaryň duşuşyklaryny hem-de bilelikdäki bilim, ylmy we innowasion taslamalary ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ozal gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň we olarda göz öňünde tutulan ylalaşyklary yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin Iş toparynyň döredilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Onuň iki ýurduň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde hereket etmegi, bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary ara alyp maslahatlaşmagy hem-de gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini utgaşdyrmagy göz öňünde tutulýar. Duşuşyk dostlukly we özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir