«Apple» kompaniýasy täze ýolbaşçynyň bellenendigini tassyklady. Jon Ternus resmi taýdan korporasiýanyň baş direktory wezipesine girişdi. Ol bu wezipede kompaniýa 15 ýyllap ýolbaşçylyk eden Tim Kukyň ornuny eýeledi. Bu barada «Apple» kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Ternus kompaniýada 2001-nji ýyldan bäri işleýär. Ol baş direktor wezipesine bellenmezinden ozal enjamlaryň üpjünçiligi boýunça uly wise-prezident wezipesinde işledi. Bu wezipede ol «Apple» kompaniýasynyň iPhone, iPad, Mac, Apple Watch we AirPods ýaly esasy önümleriniň işlenip taýýarlanylmagyna ýolbaşçylyk etdi. Täze ýolbaşçy «maşyn gurluşygy» hünäri boýunça Pensilwaniýa uniwersitetini tamamlady. Tim Kuk kompaniýadan doly aýrylmaýar — ol direktorlar geňeşiniň ýerine ýetiriji başlygy wezipesini eýelär. «Apple» kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Kuk mundan beýläk hem kompaniýanyň işiniň käbir ugurlary bilen, şol sanda dünýäniň dürli ýurtlarynyň syýasy işgärleri bilen özara gatnaşyklar bilen meşgullanar. Kuk 2011-nji ýylda kompaniýanyň düýbüni tutujy Stiw Jobsuň ornuna «Apple» kompaniýasynyň baş direktory wezipesine geldi. Onuň ýolbaşçylyk eden döwründe «Apple» kompaniýasynyň bazardaky umumy gymmaty 350 milliard dollardan takmynan 4,6–4,7 trillion dollara çenli ýokarlandy. Jon Ternusyň ýolbaşçylyk eden döwründe kompaniýanyň emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmäge has köp üns bermegine garaşylýar. «Apple» soňky döwürde bu ugurda «OpenAI» we «Anthropic» ýaly bäsdeşlerinden yza galýandygy üçin tankyt edilipdi. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, Ternus şeýle hem senagat dizaýny toparynyň ornuny güýçlendirmegi we oňa kompaniýanyň içinde möhüm çözgütleri kabul edýän esasy merkezleriň biriniň derejesini gaýtaryp bermegi meýilleşdirýär. Ýolbaşçylygyň çalşylýandygy resmi taýdan yglan edilenden soň, sişenbe güni «Apple» kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy 2,2 göterim ýokarlandy.