Günlerden bir gün mekdebiň okuwçylary, bir mugallymdan azar-baryny görüp, okamakdan ýüz öwüripdirler. Mekdebe gitmezlik üçin ýygnanyşyp, her hili taslamalar orta atanmyşlar. 'Mugallymymyz ýaramasa, bir näçe gün dynç alsak. Mekdep türmesinden, azatlyga çykyp bolsa', diýip arzuw-hyýallara dyrmyşýarmyşlar. Aralaryndan biri orta ajaýyp bir pikir oklanmyş. Biri , mugallym synpa giren badyna, öňünden çykyp: - Mugallym, bu nä boluş, ýüzüňiz sararypdyrla. Siz görýän welin ýaramajak bolýaňyz öýdýäň. Özüňize bir seretdiriň, üşütýän bolaýmaň, diýjekmiş. Synypdaky otuz okuwçyň her biri hem şol sözleri edil bolşy ýaly aýtjakmyş. Mugallym muňa çydaman, sapagy boş geçirip, okuwçylary öýüne göýberjekmiş. Şeýdip okuwçylar hem mugallamy öýüne göýberip, sapaklardan dynjaklarmyş. Okuwçylar öz aralarynda syrlaryny hiç kime aýtmajakdyklaryny and içip, awy ýalapdyrlar. Ertir irden mugallym birinji sagada giren badyna, okuwçylardan biri ýerinden turyp: -Mugallym bu nä boluş. Ýüzüňiz sararypdyrla, diýipdir. Mugallym: - Agyrýan ýerim ýok. Samahyllap durma, hany otur yeriňde diýip, okuwçyň ýüzüni alypdyr. Mugallym her näçe ýagdaýym gowy diýse-de, ýüreginde azajyk wehim döremäge başlapdyr. Bu bolmana, ikinji okuwçy ýanyna baryp: - Alla şypa bersin mugallym, ýüzüňiz sararypdyr, diýipdir. Ine şeýdip her okuwçy ýekeme-ýeke mugallymyň ýanyna baryp, hassadygyny aýdypdyr. Mugallym indi bir neme gaýgy edip ugrapdyr. Hakykatdan hem özüniň hassadygyna ynanyp başlapdyr. Bir tarapdan bolsa irden ýüzüniň sararandygyny görmän, işe ugradan aýalyna gahary gelýärmiş. Aýalynyň özüni söýýändigine şübhe bilen garamaga başlanmyş. Özüni hakykatdan hem erbet duýup başlan mugallym, derrew öýüne gaýdypdyr. Okuwçylar hem onuň yzyna düşüp gaýdypdyrlar. Adamsynyň hem-de okuwçylaryň gelenini gören aýaly: - Bu gün näme irläpsiňle. Ýa bolmasa bir zat boldymy? diýip sorapdyr. Özüni hassa bilýän mugallym, aýalyna: - Garagyň gapykmy? Ýüzümiň bir reňkine seredä? Keseki adamlar meniň hassa halymy görüp gaýgy edýärler, sen bolsa maňa üns hem bereňok, diýipdir. Aýaly: - Saňa hiç zat bolmandyr-a. Kim aýdan hem bolsa, ol yüregiňe wehim saljak bolup aýdandyr, diýse-de ony ynandyryp bilmändir. Ol ýüzüniň sararandygyna gamgyn bolup, ah-wah bilen düşege giripdir. Okuwçylar hem mugallymyň baş ujunda kitap okap oturan bolýarmyşlar. Hälki pikiri orta atan oglan, ýene-de hile ulanyp: - Hany oglanlar ýuwaşyrak boluň. Bu gün mugallymymyz ýaranok. Onuň kellesi agyrýar, diýenmiş. Mugallym muny eşidip, olary öýüne göýbermegi makul bilipdir. Öýüne gaýdan okuwçylar, çapak çarpyp, bu dabarany uly şowhun bilen belläpdirler. Ýöne ene-atalar bulara ynanman, mugallymy görmäge gelenmişler. Gelip görseler, mugallym pahyr entäk hem özüni hassa bilip, titräp ýatanmyş.

Köneler, Broker tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir