Audi kompaniýasy Q8 kupe-krossoweriniň täze nesliniň üstünde işleýändigini tassyklady. Kompaniýanyň baş direktory Gernot Dýöllner "Edmunds" gazeti bilen söhbetdeşlikde 2023-nji ýylyň güýzünde bu wezipä girişen wagtynda täze Q8-i çykarmak hakda hiç hili pikiriň bolmandygyny, ýöne täzeçe çemeleşmeden soňra taslama gaýdyp gelnendigini gürrüň berdi. Audi bu modeliň häzirki ornuny Q7-den has sportlaşdyrylan alternatiwa hökmünde saklamagy maksat edinýär. Täze Q8 Q7-niň täze nesli bilen flagman Q9-yň arasyndaky bir model bolar. Ol BMW X6 we Mercedes-Benz GLE Coupe bilen bäsleşmegini dowam etdirer. Awtoulag Porsche Cayenne we Lamborghini Urus bilen paýlaşýan platformasyny saklap galar. Hereketlendirijileriniň sanawyna benzinli V6 we V8, şol sanda 4,0 litrlik iki turboly motorlar girer. Geljekde Audi kompaniýasy SQ8-iň we RS Q8-iň ýokary öndürijilikli wersiýalaryny çykarmagy hem meýilleşdirýär. Täze nesliň ilkinji görkezilişiniň anyk senesi heniz mälim edilmedi. Modeliň geljekki birnäçe ýylyň dowamynda bazara çykarylmagyna garaşylýar. Häzirki Audi Q8 bu modeliň birinji neslidir. Audi iýul aýynyň ahyrynda BMW X7 we Mercedes-Benz GLS bilen bäsleşjek täze Q9 flagman krossowerini köpçülige tanyşdyrypdy.