Türkiýäniň Manisa welaýatynda ýerleşýän gadymy Sardy şäherinde arheologlar möhüm açyş etdi. Gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda, takmynan, 2,5 müň ýyl öň ýasalan, dik duran ýaş ýigidiň uly mermer heýkeli tapyldy. Tapyndy barada ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ärsoý habar berdi. «Boýy 2,2 metre ýetýän ägirt uly ölçegli, gowy saklanan, sünnälenip ýasalan bu heýkel şol döwrüň heýkeltaraşlyk sungatynyň seýrek duş gelýän nusgalarynyň biridir», — diýip, Ärsoý NSocial sosial torundaky habarynda belledi. Hünärmenleriň maglumatyna görä, heýkel biziň eýýamymyzdan öňki 470–450-nji ýyllara degişli. Ol ikä bölünen görnüşde tapyldy, ýöne dabanlary we käbir ownuk bölekleri ýok. Şu durşuna-da onuň boýy 2,2 metre ýetýär. Alymlar heýkeliň rim döwründe sütünli köçe düşelende peýdalanylandygy üçin bitin galandygyny aýdýarlar, ýagny onuň özünem köçä düşan ekenler: heýkeliň ýüzüni aşak öwrüp ýatyryp goýupdyrlar, bu bolsa onuň ýüz keşbini asyrlaryň dowamynda weýran bolmakdan gorapdyr. Bu artefakt Sardynyň Ahemeniler imperiýasynyň günbatardaky bakna ýerleriniň paýtagty bolan döwrüne düşünmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Heýkel galyň gimatiýa bilen ýuka hiton geýnen, eşigi kese çyzykly ýaş ýigidi şekillendirýär. Egeý sebitiniň nusgawy çeperçilik däplerini Lidiýa medeniýetiniň özboluşly aýratynlyklary bilen utlaşdyrýan beýle stil Anadoluda we Gresiýada heniz duş gelmändi. Aýratyn üns bermeli zatlaryň ýene biri hem ýaş ýigidiň sag elinde tutup duran miwesidir. Alymlaryň çaklamasyna göra, ol beýi bolmaly — şol döwür butparazlar bu miwäni hudaýa peşgeş berýän ekenler. Häzirki wagtda dikeldiş topary toplumlaýyn ylmy barlagy taýýarlaýar. Şeýle görnüşli antik heýkelleriň köp reňkli bolandygy sebäpli, hünärmenler ýörite usullaryň kömegi bilen gadymy reňkleriň yzlaryny gözläp, artefaktyň ýüzüni we onuň töweregindäki topragy öwrener. Medeniýet we syýahatçylyk ministri bu seýrek obýekti halas etmäge gatnaşan ähli alymlara we hünärmenlere minnetdarlyk bildirdi. Ähli dikeldiş işleri tamamlanandan soň, heýkel Manisa muzeýiniň ekspozisiýasyna gowşurylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 20 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir