Netflix «Iň soňky öý» atly ylmy-fantastik trilleriň premýerasyna bagyşlap, Holliwudda üýtgeşik mahabat kampaniýasyny geçirdi. Entertainment Weekly neşiriniň ýazmagyna görä, mahabat tagtalarynyň biri hakyky öýe öwrülip, onda bir aktýor üç günläp ýaşady. Tagta Sanset bulwary bilen Selma şaýolunyň çatrygynda takmynan dokuz metr beýiklikde oturdyldy. Aktýor otagyň içinde penşenbeden şenbe günleri aralygynda ýaşady. Ol ak tagtaň ýüzüne hat ýazyp, ötegçiler bilen aragatnaşyk saklady. Otag rahat kürsi, kitap tekjesi, oýun kartlary, globus we kondisioner bilen üpjün edildi. Mahabat tagtanyň ýüzünde bolsa: «Siz şeýle ýerde näçe wagt saklanyp bilersiňiz?» diýen ýazgy ýerleşdirildi. Şeýle mahabat gurnamagyň ideýasy «Iň soňky öý» filminiň syužeti bilen bagly. Filmde är-aýal özüniň iki çagasy bilen öýüň içinde gulplanyp galýar we azyklary tükenýänçä diri galmaga çytraşýar. Filmiň režissýory Lui Leterýe boldy, baş keşpleri Greta Li bilen Wagner Moura ýerine ýetirdi. 7-nji awgustda film Netflix-de ýerleşdirildi.