Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredow Azerbaýjanyň Özbegistandaky ilçisi Raşad Mamedow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Azerbaýjanyň Daşkentdäki diplomatik wekilhanasy habar berdi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit meseleleri boýunça pikir alşyldy. Mundan başga-da, diplomatlar Daşkentde akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň we gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagynyň wajypdygyny nygtadylar.