Hytaýyň energiýanyň täze çeşmelerinde (NEV) işleýän awtoulaglarynyň eksporty 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda 120 göterim artdy we ýyllyk hasaplamada 2,355 million birlige deň boldy. Muňa ýurduň Awtoulag gurluşyk senagaty assosiýasynyň maglumatlary güwä geçýär. Bu barada «Xinhua» agentligine salgylanýan «Kazinform» habar berdi. Ýagny 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Hytaýyň NEV ulaglarynyň daşary ýurda satuwlary 103,7 göterim — 2,615 mln birlige çenli ýokarlanypdyr. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurduň umumy awtoulag eksportynyň ösüşiniň esasy görkezijisi bolup durýar. Hytaýyň awtoulag öndürijileri geljekde-de eksportyň möçberlerini artdyrmagy hem-de täze bazarlara çykmagy meýilleşdirýärler. Mysal üçin, «GAC Group» kompaniýasy 2026-njy ýylyň jemleri boýunça 120 ýurtda 250 müň ulag ýerlemegi maksat edinýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir