Türkmen wekiliýeti 7-nji awgustda Gazagystanyň Türküstan şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň Döwletara suw hojalygyny utgaşdyryjy komissiýasynyň (DSHUK) 94-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlise Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Genjiýew bilen bir hatarda, Täjigistan Respublikasynyň energetika we suw serişdeleri ministri Daler Juma, Gazagystan Respublikasynyň suw serişdeleri we suwarmak ministri Nuržan Nuržigitow hem-de Özbegistan Respublikasynyň suw hojalygy ministri Şawkat Hamraýew gatnaşdylar. Bu barada Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär. Türkmenistan DSHUK-nyň 94-nji mejlisine gatnaşdy Mejlise gatnaşyjylar Syrderýa we Amyderýa derýalarynyň basseýnlerinde 2026-njy ýylyň ösüş (wegetasiýa) döwründe suw alynyşynyň netijelerine we suw ambarlarynyň kaskadlarynyň iş tertibine garadylar. Türkmenistan DSHUK-nyň 94-nji mejlisine gatnaşdy Şeýle-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň teklipleri we başlangyçlarynyň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, gatnaşyjylar Syrderýa derýasynyň basseýninde suw serişdeleriniň awtomatlaşdyrylan hasaba alyş ulgamyny ornaşdyrmak baradaky Meýilnamanyň taslamasyny taýýarlamagy ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar bu resminamanyň taýýarlanmagyny goldadylar. Şu ýylyň sentýabr aýyna çenli bu mesele seretmek üçin ýörite iş toparyny döretmek hakynda karara gelindi. Merkezi Aziýanyň Döwletara suw hojalygyny utgaşdyryjy komissiýasynyň nobatdaky 95-nji mejlisi Türkmenistanda geçiriler.