Türkmenistanyň Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ýanyndaky «Ykdysadyýetçi» okuw-önümçilik merkezinde gysga möhletli okuw kurslaryna resminamalary kabul etmek möwsümi başlandy. Okuw aşakdaky ugurlar boýunça alnyp barylar: buhgalterçilik hasaba alnyşy, bank işi, telekeçiligiň we işewürligiň esaslary, işewürlik informatikasy. Okuw tölegli bolup, onuň dowamlylygy 10 aýdyr. Resminamalar 30-njy awgusta çenli kabul edilýär. Okuw kurslaryna orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary kabul edilýär. Resminamalar Aşgabat şäheriniň Atatürk köçesiniň 73-nji jaýynda ýerleşýän «Ykdysadyýetçi» okuw-önümçilik merkezinde kabul edilýär. Okuwa girmek isleýänler merkeziň direktorynyň adyna ýazylan arza, orta bilim hakyndaky şahadatnama, bellenen nusgadaky lukmançylyk kepilnamasy, okaýan ýa-da işleýän ýerinden häsiýetnama, şeýle hem suratlary we pasportynyň göçürmesini tabşyrmalydyrlar. Harby borçlular goşmaça hökmünde harby biletiň ýa-da hasaba alyş şahadatnamasynyň göçürmesini, şeýle hem (iş tejribesi bar bolsa) zähmet depderçesiniň göçürmesini hem tabşyrmalydyrlar. Goşmaça maglumat üçin telefon belgisi: (+993 12) 48-62-94.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir