2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda Duşenbe şäherinde «Absolute Championship Akhmat» (ACA) guramasynyň ýaryşy geçiriler. Bu çäre guramanyň Täjigistanda soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda geçirýän ilkinji ýaryşy bolar. Mundan ozal liganyň bu ýurtdaky soňky ýaryşy 2015-nji ýylda geçirilipdi. Ýaryşy geçirmek baradaky çözgüt ACA guramasynyň wekilleriniň Duşenbä eden resmi saparynyň hem-de bu ýurduň sport edaralary bilen geçirilen gepleşikleriň jemleýji tapgyrynyň netijesinde kabul edildi. Liganyň ýolbaşçysy Magomed Bibulatow saparyň we ýurduň sport edaralary bilen geçirilen gepleşikleriň ýaryşy geçirmek baradaky pikiri amaly taýdan durmuşa geçirmäge mümkinçilik döredendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ACA guramasynyň Täjigistanda ýaryş guramagy ýerli janköýerleriň köp ýyllap eden haýyşlaryna jogap boldy. Sebäbi täjik janköýerleri liganyň iň wepaly goldaw berijileriniň hatarynda hasaplanýar. ACA guramasynyň Duşenbä dolanyp gelmegi şu güýzde liganyň halkara derejedäki iň möhüm wakalarynyň biri bolar. Ýaryşyň takyk senesi, geçiriljek ýeri we oňa gatnaşjak türgenleriň sanawy soňra mälim ediler. Türkmen türgenleriniň hem ACA-da çykyş etmek tejribesi bar. Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow liganyň ýarym agyr agram derejesinde (93 kilograma çenli) jedelsiz çempiony bolup, bu ady iki gezek üstünlikli gorady. Şeýle hem ol Russiýanyň MMA guramalarynda çempionlyk guşagyny gazanan ilkinji türkmen türgeni boldy. Häzirki wagtda Döwletjan Ýagşymyradow PFL ligasynyň ýarym agyr agram derejesinde çykyş edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir