Gyrgyzystan we Özbegistan öň Fergana oblastynyň düzümine degişli bolan Çoňgara we Taşoba obalaryny resmi alyşmak boýunça guramaçylyk-tehniki işlere girişdiler. Bu barada gyrgyz Prezidentiniň Batken oblasty boýunça wekilhanasyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. 3-nji awgustdan işçi topar obalarda işlere başlap, gyrgyz-özbek döwlet serhetleriniň demarkasiýasy we ýer böleklerini alyşmak boýunça ylalaşyklaryň çäklerinde ýaşaýjylary hasaba alýarlar hem-de mundan beýläk resminamalary hasaba almagyň tertibini düşündirýärler. Çoňgara we Taşoba obalarynda, esasan, asyl gyrgyzlar ýaşaýar. Deslapky maglumatlara laýyklykda, iki obanyň ilat sany 2,5 müň adama golaý. Ýaşaýjylary hasaba almak tamamlanandan soňra kanunçylykda görkezilişi ýaly, ýaşaýjylara gyrgyz raýatlygy berler. Obalaryň ýerine Gyrgyzystan Özbegistana deň ölçegli ýer böleklerini berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir