Beýik Britaniýanyň Hökümet başlygy wezipesine girişen Endi Bernem iki hepdeden soňra eýýäm zähmet dynç alşyna çykdy diýip, «MIR 24» habar berýär. Häzirki wagtda ýurduň Parlamenti dynç alyşda, emma hökümet Başlygy resmi adamlar bilen aragatnaşygy saklaýar, ähli döwlet gulluklary adaty tertipde işleýär. Dauning-stritde Premýer-ministriň näçe wagt dynç alyşda boljakdygyny aýtmakdan saklandylar diýip, «The Telegraph» habar berdi. 17-nji iýulda Uly Mançesteriň öňki häkimi Endi Bernem Leýboristler partiýasynyň täze lideri boldy. Bernemiň iş meýilnamasynda sebit ygtyýarlylyklaryny giňeltmek, elýeterli munisipal ýaşaýyş öýlerini işjeň gurmak we giň möçberde millileşdirmezlik bilen, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda döwletiň ornuny güýçlendirmek göz öňünde tutulýar.