Portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu britan futboly baradaky çeper serialyň ýerine ýetiriji prodýuseri bolar hem-de esasy keşpleriň birinde surata düşer. Bu barada «The Sun» neşiri habar berdi. Taslama eýýäm surata düşürilip başlandy, onda britan aktýory Demien Luis tarapyndan ýerine ýetirilýän futbol agenti barada gürrüň berilýär. Serialda Ronaldudan başga-da, Londonyň «Arsenal» toparynyň we Fransiýanyň ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Týerri Anri surata düşýär. Komediýa äheňli bolan sport dramasy görnüşindäki serialyň önümçiligi bilen Ronaldunyň Mettýu Won bilen birlikde ýolbaşçylyk edýän «UR•Marv Studios» studiýasy meşgullanýar. Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubynda çykyş edýär we Portugaliýanyň ýygyndysynyň kapitanydyr.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir