Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda ýurduň ösüşiň täze belentliklere çykýandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti iri maliýe düzüminiň ýolbaşçysyna hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, onuň saparynyň dowamynda birnäçe duşuşyklaryň geçiriljekdigini hem-de bu duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge itergi berjekdigini belledi. Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň köp ýyllaryň dowamynda agzasy bolup durýar. Döwlet Baştutany bu bank bilen söwda-ykdysady we maliýe-bank ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulandygyny aýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde energetika, ulag, sanly ykdysadyýet we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary aýratyn belledi. Türkmenistanyň Prezidenti myhmanyň ýurda saparynyň barşynda Türkmenistanyň bank-maliýe, energetika, daşky gurşawy goramak, suw baýlyklaryny netijeli peýdalanmak we ulag-logistika ugurlary boýunça birnäçe gepleşikleriň geçiriljekdigini aýdyp, bu gepleşikleriň Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga itergi berjekdigine we ony hil taýdan täze derejelere çykarjakdygyna ynam bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir